Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň alymlary, The Lancet ylmy
žurnalynda açyk hat çap etdiler, ol hatda, koronawirusa garşy sanjymy gaýtadan
etdirmekden ýüz öwürmäge çagyrdylar. Artykmaç sanjymlary, sanjym edilen
adamlaryň sany pes bolan ýurtlara gönükdirilmeli.
Alymlar ätiýaçlyk sanjymlaryň örän çäklidigini bellediler. Olaryň pikiriçe,
sanjym edilen adamlaryň immunitetiniň güýçlenmegi peýdaly bolsa-da, sanjym
edilmedikleri ileri tutmak has gowudyr. BSGG-nyň, sanjymlary işläp düzmek
maksatnamasynyň başlygy Anna-Mariýa Enao-Restrepo: "Bu, pandemiýanyň
soňuny has ýakynlaşdyrmaga kömek eder" -diýdi.