“Altyn pökgüniň" alty gezek ýeňijisi Messi şu ýylyň tomsunda, şu wagta
çenli karýerasyny dowam etdiren, Ispaniýanyň "Barselona" topary bilen
şertnamanyň gutaranlygy sebäpli hoşlaşdy we "2+1" shemasy boýunça "Pari Sen-
Žermen" topary bilen ylalaşyk baglaşdy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Messiniň Parižiň
klubyndaky ilkinji möwsüminde 30 million ýewro gazanar we onuň bir milliony,
34 ýaşly oýunça kriptowalýuta bilen tölener. Egerde, Argentinaly oýunçy, ikinji we
üçünji möwsümleri "PSŽ" toparynda geçirse, her möwsüm üçin 40 million ýewro
alar. Özüni alyp barşy üçin hem goşmaça 10 million ýewro mukdary bilen bonus
tölener.