Daily Sabah-yň habaryna görä, dünýädäki iň gadymy mozaikalardan biri
Türkiýede tapyldy.
Arheologlar ony, Sorgun sebitindäki Ýozgat welaýatynyň Uşakly depesinde
geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapdylar, ol ýerde 2012-nji ýyldan bäri Italiýanyň
hünärmenleriniň gatnaşmagynda arheologiki gazuw-agtaryş işleri geçirilýär.
Suratyň ululygy üç-ýedi metr – ol 3,147 daşdan düzülen. Deslapky çaklamalara
görä, mozaikanyň ýaşy üç ýarym müň ýyl. Bu artefaktlar Kiçi Aziýada gadymy
döwlet bolan biziň eramyzdan öňki XVIII – XII asyryň başlarynda ýaşap geçen
Hetts şalygynyň döwrüne degişlidir.
Pizan uniwersitetiniň arheology Anakleto D'agostino mozaikanyň biziň
eramyzdan öňki 1500-nji ýylda döredilendigine ynanýar. Şeýle hem ol, tapylan
tapyndylaryň arasynda iň gadymydygyny nygtaýar. Gözlegçi: "Gresiýada şuňa
meňzeş mozaikalaryň bardygyny bilýäris, ýöne munuň has gadymy diýip
hasaplaýarys" -diýdi.
Türkiýede dünýädäki iň gadymy mozaikalardan biri tapyldy
