Ýapniýaly iki aýal dogan, Umeno Sumiýama we Kome Kodama, Ginnesiň
rekordlar kitaby tarapyndan, dünýäniň iň garry, meňzeş ekizleri hökmünde resmi
taýdan ykrar edildi. Olar bu ada 107 ýyl 330 günde eýe boldular.
Uýalara resmi taýdan 20-nji sentýabrda Ýaponiýanyň milli baýramy bolan
Garrylar hormat goýmak gününde gowşuryldy.
Öňki rekord hem Ýaponiýaly ekizler Kin Narita we Jin Kani degişlidi, olar
107 ýyl 175 gün bilen rekordy gazandylar.
Häzirki wagtda Ýaponiýada takmynan 86,510 uzak ýaşaýan adamlar ýaşaýar,
olaryň ýarysy şu ýyl 100 ýaşady.