B12 witamini, adam organizminde, DNK-nyň emele gelmegi we nerw
ulgamyny goldamak ýaly köp funksiýalary ýerine ýetirýär. Miçiganyň saglyk
uniwersitetiniň barlagçylary, B12 witamin ýetmezçiliginiň nerw öýjüklerine zeper
ýetirip biljekdigini duýdurdylar. Bu bolsa käbir alamatlar bilen ýüze çykýar.
Egerde, organizmde B12 witamininiň derejesi uzak wagtlap pes bolsa, elleriň
we aýaklaryň barmaklarynyň gurşmagy ýa-da wagtal-wagtal sançmagy peýda
bolup biler. Bu ýagdaýyň ýene-de birnäçe alamatlary: deňagramlylygyň pesligi,
depressiýa we aň-düşünjäniň peselmegidir.
Bu alamatlaryň köpüsi bejergi bilen ýitip gidýän hem bolsa, witaminiň
ýetmezçiligi bilen dörän, käbir meseleleri aýyryp bolman bilner. Hünärmenler,
B12 witamininiň ýetmezçiliginiň alamatlary ýüze çyksa, lukmana ýüz
tutmalydygyny bellediler.