Ýewropanyň öňdebaryjy awiagurluşyk kompaniýasy bolan “Airbus”
kompaniýasy özüniň “uçýan taksi” taslamasyny Tuluzadaky sammitinde
tanyşdyrdy. “Uçýan taksi” dikuçara meňzeýär. Bu modele “äpet sürüjisiz” ulag
lakamy berildi. Ýöne resmi taýdan “City Airbus Next Gen” ady berildi.
Dört ýolagça niýetlenen bu uçýan taksiniň iň ýokary tizligi sagatda 120
kilometre barabar bolar. Şeýle hem ekologiýa taýdan arassa ulag bolan bu
“uçýan taksi” elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. “City Airbus
Next Gen” entek gutarnykly däl. Ilkinji uçuş 2023-nji ýylda meýilleşdirilýär.

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.