Birleşen Milletler Guramasynyň halkara baýramçylyklarynyň biri hasaplanýan “Bütindünýä deňiz güni” 1978-nji ýylda Halkara Deňiz Guramasynyň 10-njy mejlisiniň karary bilen esaslandyrylýar. Halkara derejesinde bellenilýän bu baýramçylyk 1980-nji ýyla çenli 17-nji martda bellenildi. Şol ýyldan soňra onuň senesi sentýabryň soňky hepdesine geçirilýär. Häzirki wagtda dünýä söwdasynyň 80%-i deňiz ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Deňizlere we ummanlara ýylda 21 million barrele golaý nebit guýulýar. Munuň özi bolsa deňizleriň hapalanmagyna we ol ýerde ýaşaýan janly organizmleriň gyrylmagyna getirýär. Bütindünýä deňiz gününiň esasy maksady, halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni deňizde we ummanlarda aşa köp balyk tutmak, deňiz ýakalarynyň hapalanmagy, deňiz söwdasynyň howpsuz amala aşyrylmagy bilen bagly meseleler bolup durýar.

Sapargül ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby