Türkmenistanyň Merkezi banky ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30
ýyllygy mynasybetli her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan ýadygärlik
altyn we kümüş şaýy pullaryny çykardy. Bu barada TDH habar berýär.
Singapur Respublikasynyň «Eng Leong Medallic Industries Pte Ltd»
kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan täze şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz
tarapynda Ýer şaryndan we onuň aşagynda ganatlaryny ýaýyp duran laçynyň
şekilinden ybarat bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň
Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň nyşany ýerleşdirildi.
Ýer şarynyň merkezinde döwletimiziň parlap duran Döwlet tugy bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň baýdagy şekillendirilip, olaryň arasynda derek agajynyň
şekili, Ýer şarynyň ýokarky böleginde bolsa ýaşyl reňk bilen syrçalanan
Türkmenistanyň kartasy ýerleşdirildi.
Şaýy pullaryň ýüz tarapynyň ýokarky böleginde aýlaw bilen «Türkmenistan —
parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlen ýazgy, aşaky böleginde iki
sany zeýtun baldaklary ýazgy bilen, zeýtun baldaklarynyň arasynda kiçijik
sekizburçly nagyşlar ýerleşdirildi.
Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezi böleginde Türkmenistanyň
Döwlet tugrasy ýerleşdirildi, onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde aýlaw
bilen « Türkmenistanyň Merkezi banky» diýlen ýazgy, aşaky böleginde şaýy
puluň gymmatyny görkezýän «Ýüz manat» diýlen ýazgy şekillendirildi.
Ýazgynyň çep tarapynda şaýy puluň mähegi (altyn pulda Au 916,7, kümüş
pulda Ag 925), sag tarapynda — agramy (altyn pulda 39,94 gr, kümüş pulda
28,28 gr) görkezildi. Ýazgylar öz aralarynda sekizburçly ýyldyz görnüşindäki
şekiller bilen bölünendir.
Şaýy pullaryň diametri 38,61 mm. Bolup, olara goşulýan Türkmenistanyň
Merkezi bankynyň güwänamasy şaýy pullaryň «pruf» hilini kepillendirýär.

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.