Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllardynda ýetilen
sepgitler barada durup geçdi. Milli Liderimiziň taryhy çykyşyndan
Diýarymyzyň gazanan ykdysady üstünlikleri:
Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň
ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberi 200 milliard
amerikan dollaryndan hem geçdi. Bu serişdeleriň 60 göterimden hem
köpüsi senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi.
Häzirki döwürde Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna
Türkmenistanyň maliýe taýdan durnukly ösüşi saklanýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 43
milliard 800 million manat gönükdirildi we özleşdirildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda 91 hassahana, 153 saglyk öýi we merkezi,
85 medeniýet öýi, 370 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 529 orta
mekdep, 117 sport mekdebi, 86 sany sport desgasy, 7 müň kilometre
golaý awtomobil ýollary guruldy.
Bulardan başga-da, umumy meýdany 42 million inedördül metre golaý
ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi, köp sanly beýleki durmuş maksatly
taslamalar amala aşyryldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan
dollaryndan hem gowrak bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy
alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli 30
desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulypdyr. Ýöne, mähriban
halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde, ýanwar —
sentýabr aýlarynda 56 sany iri desga, şol sanda umumy meýdany 509
müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.
Ýylyň ahyryna çenli ýene-de 14 sany iri desgany we ýaşaýyş jaý
toplumlarynyň birnäçesini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, jemi içerki önümiň möçberi 6,2 göterim artdy.
«Fitch Ratings» halkara agentligi biziň ýurdumyza «B+durnukly»
derejäni berdi. Şeýle derejäniň alynmagy ykdysadyýetimiziň depginli
ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.