29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklar institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş
dabarasy geçirildi. Bu gymmatly ajaýyp eser Gahryman Arkadagymyzyň
mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna eden
sowgadydyr.
Institutynyň uly mejlisler zalynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň işgärleri, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary
we işgärleri, şeýle hem Halkara gatnaşyklar institutynyň professor
mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Kitap 3 dilde bolup, ol köp sanly suratlar bilen bezelipdir. Kitapda “Howpsuz,
özerkli ýaşaýşyň galasy”, “Türkmen halky – döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk
eýesi”, “Budur türkmen binasy”, “Galkynyşyň, ösüşiň, bagtyýarlygyň täze
taryhy eýýamy”, “Gözbaşlar joşly bolsa, bagtyňdan rowaçlyk hem üstünlik
çykar”, “Türkmen topragy – bereket mekany”, “Türkmen halky – dörediji we
gurujy halk”, “Nusgalyk işler, ilkinjilik, täze önümçilikler, baý tejribe – ösüşiň
özeni!”, “Ýoluňyz ak bolsun!”, “Kalbyňyz we ojagyňyz nurly bolsun!”, “Ýaşyl
ykdysadyýet – ýaşaýyş ýörelgesi”, “Bazary baryň baýlygy bar” hem-de
“Garaşsyzlyk bilen geçmişlidiris, şu günlüdiris we geljeklidiris” diýen mowzuklar
öz ornuny alypdyr.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.