Milli ykdysadyýetimiziň himiýa pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek
Garaşsyzlyk ýyllarynda strategik ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu
ugurda döwlet derejesinde ägirt uly işler amala aşyrylyp, pudagyň ylmy
esaslary has-da ösdürildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda himiýa pudagynda ylmyň, bilimiň we önümçiligiň ýakyn
özara baglanyşygynyň üpjün edilmegi netijesinde kuwwatly önümçilikler ýola
goýuldy. Bu ugurda soňky ýyllarda ulanmaga berlen «Tejenkarbamid»,
«Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlaryny, Garlyk dag-magdan
toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny hem-de Ahaldaky tebigy gazdan
benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawody görkezmek bolar.
Şu jähetden, soňky 10 ýylyň içinde pudagy ösdürmäge goýlan maýa
goýumlaryň möçberi 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.