Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýurdumyzyň halk hojalygynyň
gazananlarynyň sergisi geçirilýär. Däp boýunça, oňa gatnaşmaga
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary, hususy we döwlet edaralary
çagyryldy.
Sergide goýlan önümler Türkmenistanyň üstünliklerini aýdyň görkezýär. Ýurduň
daşary söwdasynyň düzüminiň 60% eksport, 40% importdyr, bu bolsa ýurduň
durnuklaşdyrma gaznasy ýaly strategik maliýe gorlarynyň üstüni ýetirmek üçin
mümkinçilik döredýär. Milli önümleriň daşary ýurt daşyna eksportunyň
ösmegine ýardam edýän esasy faktorlaryň arasynda Türkmenistanyň dürli
ýurtlarda işleýän Söwda öýleri-de agzalýar.
Ykdysadyýetiň gazananlaryna oba hojalyk önümleriniň we azyk harytlarynyň
öndürilişini yzygiderli artdyrýan telekeçilik sektorynyň öz saldamly goşandyny
goşýandygyny-da belleýärler. Ýanwar bilen awgust aralygynda bu bölümdäki
ösüş geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 37%-den geçipdir. Serginiň
çäklerinde iş gepleşikleriniň we tanyşdyrylyşyň şol sanda, Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan kärhanalaryň täze
önümleri bilen tanyşdyrylyşyň alnyp barylýandygyny-da bellemek bolar.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

RU



