4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly
Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň
dowamynda şu ýylyň 9 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Mejlisiň dowamynda degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Harby we hukuk
goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary geçen 9 aýda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerie
ýetirilen işler barada gezekli-gezegine hasabat berdiler.
Goranmak ministri B.Gündogdyýew mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30
ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişi guramaçylykly geçirmek
boýunça edilen tagallalar barada hasabat berdi. Çagyryş boýunça harby gullugy
geçen harby gullukçylary gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny
nobatdaky harby gulluga çagyrmak işlerini ýokary derejede geçirmek boýunça
ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini
düzdi.
Içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu
ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, jemgyýetçilik tertibini üpjün
etmek, düzgün bozmalaryň öňüni almak hem-de ýangyn howpsuzlygy gullugynyň
işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat
berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda IIM-niň işinde birnäçe
kemçilikleriň bardygyny belläp, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän,
işde goýberen kemçilikleri üçin içeri işler ministri Ö.Hojanyýazowa berk käýinç
yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa
soňky gezek duýdurdy we degişli Buýruga gol çekdi.
Adalat ministri B.Muhamedow şu ýylyň geçen 9 aýynda kanunçylyk
binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler, kabul edilen
kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek
boýunça ilatyň arasynda geçirilen çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp,
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň razylygy bilen, B.Muhamedowyň başga işe
geçmegi sebäpli, adalat ministri wezipesinden boşadylýandygyny we onuň Daşary
işler ministrliginiň ygtyýaryna iberilýändigini aýtdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň razylygy bilen, döwlet Baştutanynyň
Permanyna laýyklykda, bu wezipä ýustisiýanyň uly geňeşçisi M.Taganow
bellenildi.
Şeýle hem türkmen Lideri ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi B.Myradowy adalat
ministriniň orunbasary wezipesine bellemek we ony Balkan welaýatynyň
prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretary Ç.Amanow şu ýylyň geçen 9 aýynda ýurdumyzyň harby we
hukuk goraýjy edaralarynyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça
amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ýerine ýetiren işleriniň
netijeleri barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine
ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary Ç.Amanowa berk käýinç yglan edip, ýol berlen kemçilikleri gysga
wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.