1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 1-nji oktýabryny Ýaşulularyň halkara güni diýip yglan etdi. Soňky ýyllarda bu baýram Türkmenistanda hem döwlet derejesinde bellenilip geçilýär.

Gözbaşyny gadymdan alyp gelýän ýaşulularymyza hormat goýmak däbi häzirki döwürde hem döwlet derejesinde dowam etdirilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda her bir döwletli tutumlarda ilki bilen ýaşululara sala salmak, maslahat geçirmek, pensiýalaryň ýylsaýyn ýokarlandyrylyp durulmagy, galyberse-de il içinde ýokary adamkärçiligi bilen görelde bolýan ýaşuly neslimize «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy» diýen mertebeli atlaryň dakylmagy watandaşlarymyzyň başyny göge ýetirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretli hözirini görýän il sylagly ýaşulularymyz agtyk-çowluklarynyň arasynda sagdynlygyň, paýhaslylygyň janly mekdebi bolup bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar.

Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.