Dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň iň ýokary hem-de abraýly sylaglarynyň biri bolan Nobel baýragynyň fizika ugry boýunça ýeňiji bolan alymlar belli boldy. Bu baýraga Sýukuro Manabe, Klaus Hasselman hem-de Jorjo Parizi mynasyp boldy.

Fizika boýunça Nobel baýragy Sýukuro Manabe we Klaus Hasselman Ýeriň klimatynyň fiziki modelirlenmegi hem-de ählumumy maýylgan babatda ygtybarly çaklamalar üçin, Jorjo PArizi bolsa atomlardan planetalara çenli fiziki ulgamlarda näsazlyklaryň we üýtgemeleriň nähili täsir edýändigini anyklandygy üçin berildi.

Geçen ýyl bu baýraga Rojer Penrouz, Raýnhard Gensel we Andrea Gez mynasyp bolupdy.

Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.