1901-2020-nji ýyllar aralygynda bu baýrak 101 gezek berildi. Umuman alanyňda, Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň taryhynda 107 adam (şol sanda 17 aýal) we 25 gurama bu baýraga mynasyp boldy.
Bu baýraga ozal mynasyp bolanlaryň hatarynda ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Teodor Ruzwelt (1906), Norwegiýanyň Arktikany öwreniji we jemgyýetçilik işgäri Fritof Nansen (1922), afroamerikaly hukukçy Martin Lýuter King (1964), Germaniýanyň Kansleri Willi Brandt (1971), ABŞ-nyň döwlet sekretary Genri Kissinjer (1973), ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama (2009) ýaly meşhur syýasatçy we jemgyýetçilik işgärleri hem bar.
2021-nji ýylda hem bu baýraga birbada 2 adam – Filippinlerden we Russiýadan žurnalistler degişlilikde Mariýa Ressa we Dmitriý Maratow mynasyp boldy.
- Döwletmyrat Tejenow,
- Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
- institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

RU



