Ispaniýaly suratçy Fran Lorenso sentýabr aýynyň ortalarynda asmanda, adaty
bolmadyk ýagyşly-topbak bulutlarynyň toplumy bilen bilelikde lentikulýar
bulutlarynyň suratlaryny düşürdi. Soňky dörän şlýapa meňzeş bulutlar, ýeňil
bulutlaryň üstünde sallandy we birneme wagtlap olaryň üstünde togalandy.
Lentikulýar bulutlar köplenç daglyk ýerlerde emele gelýär we dag depeleriniň
üstünden aýlanyp bilýär, we käwagtlar bir sagatlap hereket etmän durýar. Emma
suratdaky ýagdaýda, olar ýagyşly-topbak bulutlaryň üstünde sallanyp, olar bilen
dürli tarapa uçup gitdiler.
Ispaniýanyň käbir sebitlerinde, hazirki günlerde adaty bolmadyk we gaty
täsirli bulutlar bilen bilelikde, tupan möwsüminiň başlandygyny ýadyňyzdan
çykarmaň.

Jeýhun JUMABAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby