Kriptowalýuta çykarma bilen meşgullanýan Stronghold Digital Mining
kompaniýasy ABŞ-da ýylylyk elektrik stansiýasyny satyn aldy. Ol kömür
galyndylaryny bitkoine öwürmäge mümkinçilik berýän ekologiki taslamany
durmuşa geçirmäge taýýarlanýar.
Aslyýetine seredeniňde, bu kompaniýa kömür depelerini ýakar. Bu, hem ýeriň
boşadylmagyna hem-de kriptowalýuta çykarmaga mümkinçilik berer. Köp sanly,
şunuň ýaly kömür zibilleri, Pensilwaniýa ştatynyň çynlakaý ekologiýa
meselelerinden biridigi bellendi. Bu depelerden kömürturşy gazy bölünip çykýar
we howa ýaýraýar, alýumin, demir, marganes we beýleki metallar bolsa topraga
siňýär.
Stronghold Digital Mining kompaniýasynyň hasaplamalaryna görä, 200 tonna
kömür galyndylary bir bitkoin öndürip biler. Häzirki wagtda bar bolan kömür
galyndylarynyň 30 ýyllap kriptowalýuta gazyp almak üçin ýeterlik boljakdygy
bellendi.

Abdyrasul HÜMMETMYRADOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby