Sentýabr aýynyň ahyrynda Tokiodaky Narita howa menziliniň, uçuş-gonuş
zolagy, pyşbaganyň barlygy sebäpli 15 minutlap ýapyldy. Bu waka sebäpli bäş
uçuş yza süýşürildi. Geň ýeri, olaryň arasynda pyşdyl şeklinde reňklenen, All
Nippon Airways (ANA) awiakompaniýasynyň Gawaýi şäherine uçýan uçary hem
bardy.
ANA işgärleriniň sözlerine görä, Gawaýide deňiz pyşbagalary şowlulygyň
nyşany hasaplanýar we şol sebäpden, uçuşyň gijä galmagy ýolagçylar we ekipaž
tarapyndan, düşünişmek we gülki bilen kabul edildi.
Uçuş zolagynda tutulan pyşbaganyň, goýy ýaşyl reňkli, agramy 2 kilogram
we 30 santimetr ululykdadygy habar berildi.
Howa menziliniň işgärleri, pyşbaganyň Naritanyň çäginde ýerleşýän
howuzdan çykdy diýip hasaplaýarlar, bu barada NHK habar berýär.