Kaliforniýada ýaşaýan Norin we Maýkl Wredbergler dynç alyş döwründe
4.38 karat agramly göwher tapdylar.
Maşgala jübüdi, Arkanzasdaky “Göwerler krateri” milli seýilgähine geldiler
diýip, Fox News habar berýär. Bu, dünýäde köpçülikleýin gezelençlere, resmi
taýdan açyk bolan ýeke-täk göwher meýdançasydyr. Bu ýere, gelýän her bir
syýahatçy, kireýine pilçe, bedre we elek alyp, öz şowlulygyny synap biler.
Wagtal-wagtal bu ýere gelýän myhmanlar uly bolmadyk göwherleri tapýarlar we
seýilgäh tarapyndan berilýän şahadatnama bilen birlikde öýlerine alyp gidýärler.
Seýilgäh işgärleriniň sözlerine görä, bu "Göwherler kraterinde" tapylan şu
ýylyň iň uly göwheri. Ol armyt görnüşli bolup, owadan limon sary reňkine eýe.

Gyzygül MÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby