COVID-19 pandemiýasy ýüze çykan badyna, alymlar jemgyýetiniň esasy
maksady, bu täze keseli bejerip biljek gerdejik oýlap tapmak boldy. Görnüşine
görä, olar ahyrsoňy bu maksada ýetmek üçin mümkin boldugyça ýakynlaşdylar.
Häzirki wagtda, gönüden-göni üç derman synagdan geçýär. Koronawirus
keseline garşy göreşde dermanlaryň haýsydyr biriniň netijeli çykan ýagdaýynda,
pandemiýa düýbünden başga ýol alyp biler.
NBC-e salgylanyp, Futurismiň habar bermegine görä, şeýle dermanlary her
gün içmeli bolar. Lukmanlar olary keseliň irki döwründe bellärler. Şol bir wagtyň
özünde, şeýle bejergi alýan adamlar, töweregindäkiler üçin ýokuşmasyzdyr.
COVID-19-a garşy derman gerdejikleriniň doly taýýar bolmagyna az galdy
