Hindistanyň Nawi-Mumbay şäherinde, takmynan 80 müň diş çotgasyndan
döredilen ägirt dişiň heýkeli oturdyldy.
Ägirt diş eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, taslamanyň başyny
başlan, halkara derman kärhanasy Dr. Reddy's Laboratories Ltd. sosial ulgamdaky
sahypasynda habar berýär.
Heýkel ýerli diş kollejiniň howlusynda dikeldildi.
Oňa Fastminar diýip at dakyldy. Kompaniýanyň wekilleriniň sözlerine görä,
heýkel bir ýyla golaý görkezilişde goýular we şondan soň gaýtadan işlemek üçin
tabşyrylar.
"Fastminar, dentiniň (esasy bölegini emele getirýän dişiň gaty dokumasy-
Red) we dişleriň aşa duýgurlygy, baradaky alyp barýan, giňden duýdurma
işlerimiziň bir bölegi hökmünde döredildi" -diýip kompaniýa habar berdi.
Şeýle hem kompaniýa, heýkeli döretmek prosesini görkezýän wideony hem
ýaýratdy.

Kamila BATYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby