Gresiýada, barmasy kyn bolan ýerlere, derman serişdelerini ugratmak üçin
dronlar ulanylyp başlandy. Ilkinji uçuş geçen hepde bolup geçdi, diýip
"Ýewropuls" habar berýär.
Synag uçuşy wagtynda dronl, Trikala şäherinden ýüz kilometr uzaklykda
ýerleşýän Leptokariýa obasyndaky dermanhana, dermanlary getirdi.
Enjamyň modeli şeýle tabşyryklar üçin ýörite işlenip düzüldi: enjam goş
goýulýan bölümi, şeýle hem temperatura we çyglylygy dolandyrmak ulgamy bilen
enjamlaşdyryldy.
Şeýle dron howada 45 minut uçup, üç müň metr belentlige çykyp biler.
Aýnagözel SALYHOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby