Nature Conservancy tebigaty gorag guramasynyň, her ýylky surat bäsleşiginiň
ýeňijisi Anup Şah atly suratçynyň düşüren, kebelekler bilen gurşalan gorillanyň
suraty boldy. Suratçy, bu günbatar düzlüginde ýaşaýan gorillany, Merkezi Afrika
Respublikasynda surata düşürmegi başardy.
Keniýada dogulan we häzirki wagtda Beýik Britaniýada ýaşaýan Şahyň bu
eseri, ýaryşa gatnaşan 100 müňden gowrak suratyň iň gowusy diýlip ykrar edildi.
Nature Conservancy – merkezi ABŞ-da ýerleşýän halkara guramasy bolup,
dünýäniň 72 ülkesinde işleýär we ýaşaýyşymyza bagly bolan ýer we suw
baýlyklaryny gorap saklamagy maksat edinýär. Olar, adamzadyň iň kyn
meselelerine, şol sanda global howanyň üýtgemegine çözgütleri ylmy taýdan
gözlemäge ugrukýandyklaryny aýdýarlar.