Dietolog-lukmany Natalýa Samoýlenkonyň tassyklamagyna görä, umuman
aýdanda üzümiň özi gaty peýdaly iýmişdir Esasan hem,ýürek-damar keselleri
bolan adamlarýý üçin. Şeýle hem öýkeniň ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Hatda
öňler, inçekesel we öýkeniň işiniň bozulmagy bilen baglanyşykly beýleki keselleri,
üzümiň kömegi bilen bejerilýän sanatoriýalar bardy.
Şol bir wagtyň özünde, käbir ýagdaýlarda üzüm iýmegiň howplydygyny
ýatdan çykarmaly däldir. Mysal üçin, süýji keseli, aşa agramy, duýgur içege
sindromly näsaglara.
Umuman aýdanyňda, hünärmen üzümi beýleki miweler bilen garyşdyrman
iýmelidigini, (içgeçme, çişme ähtimallygy sebäpli) goşýar. Iň gowusy, ony desert
hökmünde ýa-da esasy nahardan soň beýleki iýmitlerden aýratyn iýmeklik
gowudyr. Şeýle hem, gije ýatmazdan ozal iýmek bolmaýar.
Dietolog-lukmany üzümiň saglyga zyýanly tarapyny düşündirdi
