Tüwi, adamyň energiýa derejesine täsir edýän sagdyn uglewodlaryň çeşmesi
bolup biler. Bular bilen birlikde, bu önüm ähli beden ulgamlarynyň kadaly
işlemegini üpjün edýän niasine, D witamine, kalsiý, süýüm, tiamin we riboflawine
baýdyr.
Mundan başga-da, tüwiniň düzümindäki witaminler we minerallar esasynda
immun ulgamynyň kadaly işlemegine kömek berip bilersiňiz, şeýle hem horlanmak
isleýänler üçin peýdaly bolan metabolizmi çaltlaşdyryp bilersiňiz.
Şeýle hem tüwi allergiýadan ejir çekýänler we ganazlykdan ejir çekýänler
üçin peýdaly diýlip atlandyryldy. Bularyň hemmesi onuň düzüminde glýuteniň ýok
bolmagy we demiriň bardygy sebäpli.
Leýli DÖWLETOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby