Jemgyýetiň ösüşini özgerdýän kuwwatly güýç hökmünde ylmyň durmuşda
örän möhüm orny bardyr.Ylym we tehnikanyň gazananlaryny ykdysadyýete ornaş-
dyrmak, jemgyýetiň ähli mümkinçiliklerini işjeňleşdirmek – bu hormatly
Prezidentimiziň häzirki döwürdäki ykdysadyýetimizi özgertmekligiň ösüş
strategiýasydyr. Milli ykdysadyýetiň netijeliliginiň esasy, tebigy we zähmet
baýlyklary bilen birlikde ýurduň ylmy we tehniki potensialydyr. Ykdysadyýetiň
täze hil ýagdaýyna geçmegi innowasiýalaryň, bilim talap edýän pudaklaryň
ösmeginiň ähmiýetini ýokarlandyrdy, netijede ykdysady çökgünligi ýeňip
geçmekde we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmrkligiň esasy şertleriniň birine
öwrüldi.
Ykdysady durnuklaşmagyň çäginde senagat kärhanalarynyň ösüşi esasan
innowasiýa häsiýetine eýe bolýar we strategiki maksatlar bilen kesgitlenýär.
Önümçilikde, dolandyryşda tehnologiýalary täzelemek prosesi ähli çeşmeleri –
adam, intellektual we maddy taýdan birleşdirýär. Bu prosesiň netijeliligi, täsirli
ykdysady gurallaryny döretmek tagallalaryna baglydyr. Ykdysady ösüşde esasy
baglanyşyk bolup durýan we ykdysady ösüşiň dinamikasyny, döwletiň bäsdeşlik
ukybyny, milli howpsuzlygy üpjün etmek we Türkmenistanyň dünýä bilen deň
integrasiýasyny kesgitleýän senagat kärhanalaryna bu işde aýratyn orun degişlidir.
Ykdysadyýet aslynda durmuş maksatlara ýetmegiň esasy serişdesi hökmünde
hereket edýär. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde ykdysadyýetiň täze görnüşe
geçmekligi, kärhanalaryň ýokary hilli ösüşini üpjün etmek, innowasiýasyz göz
öňüne getirmek mümkin däl. Bu nukdaýnazardan, ykdysadyýetde bolup biljek
üýtgeşmeleri kesgitlemäge we dolandyrmaga, durnukly işlemegini, ornaşdyrylma-
gyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän senagat önümçiliginiň innowasiýa ösüşi
üçin mehanizmiň emele gelmegine bitewi çemeleşmegiň zerurlygy äşgärdir.
“Innowasiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna
laýyklykda innowasiýa (täze girizilen kada) – raýat dolanyşygyna girizilen
innowasiýa önümi, diýip kesgitleme berilýär. Bu kesgitlemeden ugur alsak
innowasiýa önümi-haýsydyr bir täze ýa-da has kämilleşdirilen önümiň (harydyň
ýa-da hyzmatyň) döredilendigini aňladýar.
Innowasiýa işi – nowasiýalaryň (täze düzgünleriň) döredilmeginiň we
olaryň esasynda amaly netijäniň – innowasiýalaryň (täze girizilen kadalaryň)
alynmagyny üpjün edýän iş diýip bellenilýär [1.] Täzelik, işiň netijeliligini
ýokarlandyrmak üçin islendik ugrunda düýpli, amaly gözlegleriň, işläp taýýarla-
malaryň ýa-da tejribe işiniň resmileşdirilen netijesidir. Täzelikler açyşlar, oýlap
tapyşlar, patentler, söwda bellikleri, rasionalizasiýa teklipleri, nou-hau ýaly täze
ýa-da kämilleşdirilen önüm üçin ylmy çemeleşmeler görnüşinde resmileşdirilip
bilner.
Innowasiýa işleri, pikiriň döremeginden başlap, önümiň durmuşa geçiril-
megine we ýaýramagyna çenli ähli innowasiýa prosesini öz içine alýar. Şeýlelik
bilen, innowasiýa işjeňligi gözlegleriň we ösüşiň netijelerini almak ýa-da beýleki
ylmy-tehniki üstünlikleri bazara hödürlenen täze ýa-da kämil önüme, önümçilikde
ulanylýan täze ýa-da kämilleşdirilen tehnologiki prosese öwürmek bilen bagla-

nyşykly işiň bir görnüşidir. Häzirki döwürde, ýagny bazar ykdysadyýetinde
innowasiýalaryň ornunyň ep-esli ýokarlandygyny bellemelidiris. Innowasiýalary
ulanmazdan, bäsdeşlik önümlerini döretmek mümkin däl diýen ýaly. Innowasiýa
işjeňligi, möhüm ykdysady peýdalary üpjün edip biljek ýokary tehnologiýalar bilen
baglanyşykly bolany üçin, telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmaklygyň esasy gural-
larynyň biridir. Şol bir wagtyň özünde, innowasiýa işi töwekgelçilikli işdir. Bu
ýagdaý, döwletiň innowaiýa işini kadalaşdyrmakda aýratyn möhüm orun eýeleý-
ändigini kesgitleýär. Biziň pikirimizçe döwletiň innowasiýa işini kadalaşdyrmakda
esasy maksady, ykdysady subýekitlerini innowasiýa işine gyzyklandyrmak, müm-
kin bolsa töwekgelçilikleri peseltmek bilen bagly ykdysady we kanuny çäreleri
işläp düzmek bilen bagly bolmalydyr.
Şeýlelik bilen, bazar ykdysadyýetinde innowasiýalar bäsdeşligiň täsirli
serişdesidir, sebäbi olar täze zerurlyklaryň döremegine, önümçilik çykdajylarynyň
azalmagyna, maýa goýumlarynyň gelmegine, täze önüm öndürijiniň reýtinginiň
ýokarlanmagyna hem-de daşarky bazarlary goşmak bilen täze bazarlaryň açylma-
gyna we ele alynmagyna mümkinçilik döredýär.

Abdykerim Muhanow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy