Aşgabada ýörite Orient Silk Road Express otlusy geldi. Otly Gazagystan-
Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan demir ýol geçelgesi boýunça gadymy
döwürde we orta asyrlarda Hytaýy Orta Aziýanyň halklary bilen birleşdiren
kerwen ýollarynyň ugry bilen syýahat edýän syýahatçylary getirdi. Bu barada
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
«Ýüpek ýoly–otlynyň aýnasyndan» syýahaty – halkara taslamasydyr, oňa
gatnaşýan türkmen syýahatçylyk operatorlary daşary ýurtly myhmanlara
ýurdumyzda ýerleşýän özboluşly taryhy-medeni we ÝuNESKO-nyň Bütindünýä
mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärliklere baryp görmäge mümkinçilik
döredýärler.
Şeýle hem syýahatçylar Türkmenistanyň häzirki keşbi we gazanan
üstünlikleri, binagärlik toplumlary, seýilgäh zolaklarydyr çüwdürimler toplumlary,
paýtagtymyzyň teatrlary hem-de muzeýleri, onuň Ginnesiň Rekordlar kitabyna
girizilen gözel ýerlei bilen tanyşýarlar.
Şu ýyl Aşgabada ýörite otlularyň altysy bilen Amerikadan, Awstraliýadan,
Ýewropadan, Günorta Aziýadan syýahatçylar geldiler.
Britaniýaly Golden Eagle luxury Trains syýahatçylyk operatory we «Aýan»
türkmen syýahatçylyk kompaniýasy Russiýanyň «Золотой орел» («Altyn bürgüt»)
otlusynda demir ýol syýahatçylygynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygy ýola
goýdular. Oktýabr aýynda «Золотой орел» otlusynyň ýolagçylary Aşgabadyň
gözel ýerli bilen tanyşdylar, «Garagumyň şöhlesi» kraterine baryp gördüler,
Daşoguzyň we Ürgenjiň üsti bilen Özbegistana, Gazagystana, soňra Russiýa
Federasiýasyna gitdiler.
Döwlet Baştutanymyzyň jaýdar belleýşi ýlay, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
bolan Türkmenistan haýran galdyryjy manzarlary, landşaft we tebigat gözellikleri,
özboluşly taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri, üýtgeşik milli däp-dessurlary,
halkymyzyň myhmansöýerligi we hoşamaýlygy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry
boýunça demir ýolda syýahat edýän syýahatçylaryň ýadynda galar.
Beýik Ýüpek ýoly boýunça otluly syýahat Aşgabada geldi
