14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler
Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn
tertipde gatnaşdy. Bu maslahat şu gün HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady.
“Durnukly ulag, durnukly ösüş” atly utgaşykly tertipde geçirilýän forum ählumumy
möçberde durnukly ulagyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir.
Munuň özi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün
tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.
Dünýäniň 48 döwletiniň awtordaşlygynda kabul edilen bu ýörite Kararnamanyň esasy
wezipeleri häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda ýüze
çykýan howplary azaltmak boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny utgaşdyrmakdan
hem-de bu ugurda degişli hukuk binýadyny döretmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
diýlip yglan edilen şu ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bu örän möhüm
halkara resminamanyň kabul edilmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň bu ýokary derejeli foruma çagyrylmagy ata Watanymyzyň halkara
abraýynyň has-da belende galýandygynyň, milli Liderimiziň öňe sürýän
başlangyçlarynyň we durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasatynyň giňden ykrar
edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bu gün ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir. Ol dünýä
hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär
hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Bitarap Türkmenistan bu ugurda umumy tagallalary utgaşdyrmak işinde, şol sanda
BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýan işlerde
işjeň orny eýeläp, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar hem-de daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary durmuşa geçirip, köp şahaly utgaşykly ulag düzümini
kemala getirmäge saldamly goşant goşýar.
Çäk taýdan örän amatly ýerleşýän Türkmenistan soňky ýyllarda sebit we yklym
ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr hem-de logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha
berkidip, özüniň ägirt uly kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga
çalyşýar.
Şu foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi, gozgalan meseleleriň işjeň ara alnyp
maslahatlaşylmagy ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine
durnukly ulag ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän dünýäniň
dürli döwletleriniň wezipeleriniň hem-de maksatlarynyň umumylygynyň görkezijisine
öwrüldi.
Aýsoltan Berdiýewa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy

RU












