Ysraýylda Öli deňziň kenarynda ýedi sany myhmanhana toplumy gurulmagy
meýilleşdirilýär, diýip ýurduň syýahatçylyk baradaky ministrligi habar berýär.
Bu edara, Ýer baradaky müdirligi bilen bilelikde Eýn-Bokek we Hameý-Zoar
şypahanalarynyň töwereklerinde, täze myhmanhanalary gurmak üçin tender yglan
etdi.
Dört inedördül kilometr meýdanda ýedi sany myhmanhanlar toplumynyň
gurulmagyna garaşylýar, olaryň ikisi suwuň üstünde bolar. Otaglaryň sany 1675
otag bolar. Şeýle hem söwda we ofis jaýlaryny, güýmenje toplumyny we pyýada
ýollaryny gurmak meýilleşdirilýär.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Ysraýyl Öli deňziň kenarynda ýedi sany myhmanhana gurmagy meýilleşdirýär
Ysraýyl Öli deňziň kenarynda ýedi sany myhmanhana gurmagy meýilleşdirýär
