18-19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi bolan Nannin şäherinde Hytaý — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň VII forumy geçdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, çäre hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hyzmatdaşlyk boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hytaý komiteti, Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň daşary işler boýunça kanselýariýasy we bu etrabyň Halk hökümeti tarapyndan guraldy. Duşuşyk Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň we Günorta-Gündogar Aziýa (ASEAN) döwletleriniň assosiasiýasyndan gelen ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynyň wekillerini — döwlet düzümleriniň hem-de hususy ulgamyň ýolbaşçylaryny, halkara guramalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini jemledi.

2012-nji ýylda döredilen Hytaý – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň forumy sebitleriň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli çärä öwrüldi. Onuň işiniň barşynda milli wekiliýetleriň ýolbaşçylary Hytaý Halk Respublikasynyň dürli ulgamlara, şol sanda maliýe-ykdysady hem-de ulag ulgamyna, gurluşyga we senagata ýolbaşçylyk edýän wekilleri bilen duşuşdylar.

Deňze çykalgasy bar bolan we bolmadyk sebitleriň özara baglanyşygyny gowulandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, innowasiýalaryň hasabyna umumy ösüşi höweslendirmek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň hytaý kärdeşleri bilen ara alyp maslahatlaşan esasy meseleleri boldy. Mejlisiň çäklerinde serhetüsti logistika, elektron täjirçiligi, “akylly şäherleriň” bilelikdäki gurluşygy, dürli ulgamlarda iri taslamalary durmuşa geçirmekde zenanlaryň jebisleşmegi hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Hytaý – ASEAN» EKSPO-nyň sergi zalynda gatnaşyjy ýurtlaryň önümleriniň sergisi guraldy. Şonda Türkmenistan meşhur halylary, milli zergärçilik bezeglerini we amaly-haşam sungatynyň beýleki nusgalaryny hem-de çaphana neşirlerini görkezdi. Bu neşirleriň arasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi işleri esasy orny eýeledi.