Walensiýanyň politehniki uniwersitetiniň alymlary ajaýyp önüm – HTRANS
döretdiler. Bu geljekdäki binalaryň daşky görnüşini düýpgöter üýtgedip bilýän,
düýbi görnüp duran beton.
Taslamanyň awtorlary – Hose Ramon Albiol Ibanes we Migel Sançes Lopes.
Olaryň sözlerine görä, döredilen bu material, arhitektorlara, düýbi görünip duran
smolalany "syýa" hökmünde ulanyp, 3D gurluşlary döretmäge mümkinçilik berer.
Şol bir wagtyň özünde, Techxplore-iň ýazmagyna görä, şeýle bölekleriň içine
aşakdan yşyk berýän ýarymgeçiriji yşyklandyryjylary ornaşdyrmak mümkin bolar.
Şeýlelik bilen, dürli owadan yşyk nagyşlary, daşyndan bezegsiz, binalara "tikilip"
bilner.
Häzirki wagtda HTRANS elde ýasalýar. Bu nukdaýnazardan, şeýle betonyň
bahasy henizem gaty ýokarda galýar. Emma geljekde, belki-de proses
awtomatlaşdyrylar we täze materialy has elýeterli edip bolar.

Altyntäç ORAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby