Hytaýyň Huawei tehnologiýalar kompaniýasy Fengmi "akylly" şarfyny
satuwa çykardy. Onuň aýratynlygy ýyladyş funksiýasydyr.
Şeýlelikde, Fengmi, temperatura gözegçilik etmek üçin jogapkär uglerod
nanoturbajyklary bilen enjamlaşdyrylandyr. Munuň gzykly tarapy, ýyladyş prosesi
birnäçe sekunt wagt alýar.Mundan başga-da, ulanyjylar, şarfyň saklap biljek,
özlerine amatly bolan, belli bir temperaturany sazlap bilerler.
Akylly şarf, düwmeler arkaly ýa-da degişli programmany kömegi bilen
dolandyrylýar. Sazlap bolýan, iň pes temperatura 30 ° C, iň ýokary temperatura
bolsa 53 ° C bolýar. Şarfda 5-6 sagatlap ýyladyş funksiýasyny üpjün edýän 4000
mAh göçme batareýa bar Mundan başga-da, şarfy, ýyladyş komponentlerini
aýyrmazdan göni kir ýuwyjy maşynda ýuwup bolýar. Fengmi 45 dollar baha
kestiler.

Rejepmyradow Muhammetberdi,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.