iPhone 13 smartfonunyň Braziliýada heniz satuwa çykyp ýetişmändigine
garamazdan, ýurduň sarp edijileriň hukuklaryny goramak boýunça ýerli
düzgünleşdirijisi eýýäm Apple kompaniýasynyň iPhone üçin zarýad beriji
gurluşlary aýratyn satmak barada gelen netijesini derňejekdigini aýtdy. Bu
barada www.ixbt.com habar berýär.
Belläp geçsek, düzgünleşdiriji Apple kompaniýasynyň iPhone üçin zarýad
beriji gurluşy aýratyn satmak barada gelen kararyna birinji gezek garşy çykanok.
Şu ýylyň başynda San-Paulu ştatynda ýerleşýän sarp edijileriň hukuklaryny
goramak boýunça gurama “ýalňyşdyryjy mahabat, gurluşlary zarýad berijisiz
satýandygy we adalatsyz şertler üçin” kompaniýa 2 mln dollar möçberinde jerime
saldy. Geçen ýylyň dekabr aýynda bolsa kompaniýa Braziliýada iPhone 12
gutusyna zarýad beriji gurluşlary gaýtarmaga mejbur boldy.
San-Paulu ştatynyň sarp edijileriň hukuklaryny goramak boýunça döwlet
agentligi Procon-SP telefon bilen zarýad beriji gurluşy aýratyn satmagyň kanuna
laýyk gelmeýändigini, sebäbi “müşderiniň iki önümi satyn almaga borçludygyny”
aýtdy. Gurama kompaniýalaryň önümlerindäki üýtgeşmeler, şol sanda zarýad beriji
gurluşlaryň ýokdugy barada müşderilere jikme-jik maglumat bermelidigini
nygtaýar: “Eger maglumat gizlin saklansa, bu hem kanunyň bozulmagydyr”.
Procon-SP Apple kompaniýasy zarýad beriji gurluşy mugt bermeli diýip
hasaplaýan islendik alyja kömek etmek üçin toparlaýyn arza bermek
mümkinçiligini öwrenýär. Mundan öňki ýagdaýlarda ýerli häkimiýetleriň gelen
kararlaryny göz öňünde tutsaň, iPhone 13 bilen bagly ýagdaý hem birmeňzeş
tamamlanar diýip pikir etmek bolar.
BAŞ SAHYPA: Bilim we tehnologiýa Braziliýa iPhone 13 toplumynda zarýad beriji gurluşyň ýokdugy üçin Apple- e jerime...
Braziliýa iPhone 13 toplumynda zarýad beriji gurluşyň ýokdugy üçin Apple- e jerime salar
