«Häzirki döwürde ýurdumyzdaky 80-den gowrak iri dokma kärhanasynda
dürli nah we garyşyk ýüplük taýýarlanýar. Dünýä bazarlarynda uly isleg döredýän
tüýjümek, jins we örme matalar, köp görnüşli taýýar eginbaşlar we el halylary
öndürilýär» diýmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň
nobatdaky mejlisinde dokma senagaty pudagynda gazanylan ösüşlere ýokary baha
berdi.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz Diýarymyzyň önümleriniň daşary
ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga, beýleki döwletlerden getirilýän
harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge, ýurdumyzda azyk
bolçulygyny berkitmäge, iş orunlaryny artdyrmaga gönükdirilen döwlet
maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça-da uly işler alnyp barylýar.
Şu maksat bilen, ýurdumyzda köp sanly häzirki zaman tehnologiýaly
kärhanalardyr zawodlar gurlup ulanmaga berildi. Diňe soňky döwürde Mary we
Garabogaz karbamid zawodlary, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy, Ahal
welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod we «Türkmen aýna
önümleri» kärhanasy bina edildi. Bu kärhanalaryň önümleri ýurdumyza daşary ýurt
pulunda goşmaça girdejileri getirýär.
Ýaňy-ýakynda hem biz Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze dokma
toplumyny işe girizdik we Babadaýhan etrabynda-da ýene bir dokma toplumyny
ulanmaga bermegi göz öňünde tutýarys — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow
ýeňil senagatyň esasy pudaklarynyň biri bolan dokma pudagyny mundan beýläk-de
ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.