“PSŽ-niň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Neýmar Katarda
geçiriljek dünýä çempionatynyň özi üçin karýerasyndaky iň soňky bolup
biljekdigini aýtdy.
“Ähtimal, bu meniň soňky dünýä çempionatym bolar. Meniň pikirimçe, bu
meniň iň soňky DÇ-ym bolar, sebäbi men futbol oýnamagy dowam etdirmäge
güýjümiň, gaýratymyň ýetjekdigini ýa-da ýetmejekdigini bilemok. Men ähli zadyň
gowy bolmagy üçin, öz ýurdum bilen bilelikde tituly gazanmak üçin, özümiň
çagalykdaky iň esasy arzuwymy hasyl etmek üçin elimden gelenini ederin. Men
başararyn diýip umyt edýärin” – diýip, Neýmar DAZN striming hyzmatyna beren
interwýusynda aýtdy. Onuň sözlerini sport-express.ru getirýär.
Neýmar Braziliýanyň milli ýygyndysy üçin 2010-njy ýylyň awgust aýyndan
bäri çykyş edýär, onuň hasabynda milli topar üçin 113 oýunda 69 gol we 49 netijeli
geçirim bar. 29 ýaşly futbolçy iki dünýä çempionatyna gatnaşdy – 2014-nji ýylda
Braziliýada, 2018-nji ýylda Russiýada. Neýmaryň iň gowy üstünligi 7 ýyl mundan
ozal Braziliýada geçirilen dünýä çempionatynda dördünji ornuň eýelenmegi
boldy.
Katardaky dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji
dekabry aralygynda geçirilmeli.