Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 43
milliard 800 million manat gönükdirildi we özleşdirildi. Häzirki döwürde
ýurdumyzda 91 hassahana, 153 saglyk öýi we merkezi, 85 medeniýet öýi, 370 sany
mekdebe çenli çagalar edarasy, 529 orta mekdep, 117 sport mekdebi, 86 sany sport
desgasy, 7 müň kilometre golaý awtomobil ýollary guruldy.
Bellenilişi ýaly, bulardan başga-da, umumy meýdany 42 million inedördül
metre golaý ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi, köp sanly beýleki durmuş maksatly
taslamalar amala aşyryldy.
Täze önümçilik we durmuş maksatly desgalary, awtomobil hem-de demir
ýollary, köprüleri gurmagyň halkara we milli taslamalary üstünlikli amala
aşyryldy. Şol desgalaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny,
Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Eýran, Gündogar — Günbatar gaz
geçirijilerini bellemek bolar. Şonuň ýaly-da, transmilli Demirgazyk — Günorta,
şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýollaryny, Amyderýanyň üstünden
geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, Aşgabat, Türkmenbaşy,
Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz
portuny mysal getirmek bolar.
«Bu Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan ägirt uly işleriň diňe bir
bölegidir» diýip, türkmen Lideri halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy
baradaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýandygyny
aýtdy.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, durmuş hyzmatlaryna 43 milliard 800 million manat serişde...
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, durmuş hyzmatlaryna 43 milliard 800 million manat serişde goýberildi
