Energetika senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolup
durýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda täze, kuwwatly elektrik
stansiýalaryny gurup, ulanmaga bermek, hereket edýän gaz turbinaly elektrik
stansiýalaryny döwrebap ýagdaýa getirmek hem-de olaryň täzelerini gurmak
boýunça depginli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen nobatdaky
mejlisinde türkmen Lideri şu meselelere ünsi çekip: «Mary welaýatynda Merkezi
Aziýada iň uly ýokary tehnologiýaly elektrik stansiýasy guruldy. Döwletimiziň
Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli bolsa Lebap welaýatynyň
Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gaz turbinaly täze elektrik
stansiýasy ulanmaga berildi. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda Gün we ýel
elektrik energiýasyny öndürýän stansiýany gurmak hem göz öňünde tutulýar»
diýip belledi.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda halkalaýyn
energetika ulgamy döredildi. Häzirki zaman energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary
peýdalanmak esasynda elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has-da
gowulandyrmak, ýerli tebigy-howa şertlerini nazara alyp, Gün we ýel energiýasyny
almak bilen bagly taslamalary amala aşyrmak boýunça hem netijeli işler durmuşa
geçirilýär.
Bu işleriň ählisi ata Watanymyzy elektrik energiýasy bilen özüni doly üpjün
edýän we ony daşary ýurtlara hem ibermäge örän uly mümkinçiligi bolan döwlete
öwürýär.