Alymlaryň pikiriçe, Ýer planetasynyň öz okunda aýlanma tizligi şeýle bir ösdi
welin, tiz wagtdan ähliumumy wagt bir sekunt gysgalyp biler. Bu barada Goroday
maglumat portaly habar berýär.
Alymlaryň ölçegleriniň netijesi, planetamyzyň häzirki aýlanyş tizliginiň
soňky ýarym asyrda iň ýokary tizlige ýetendigini görkezýär.  Hünärmenler bu
hadysanyň sebäbini anyklamak boýunça degişli işleri dowam etdirýärler.
Geçen asyryň 67-nji ýylynda wagty takyk ölçemek üçin anyk kesgitlenen
tizlikde hereket edýän atom sagatlary ulanylyp başlandy.  2016-njy ýylda bolsa
alymlar dünýä wagtyndan eýýäm bir sekunt aýyrdylar.

Garlyýewa Gülaýym,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.