Bulut hasaplamalary ugrunda hyzmatlary hödürleýän Amazon
korporasiýasynyň bölümçesi Amazon Web Services Täze Zelandiýada täze bulut
sebitini döreder. Bu barada ýurduň Sanly ykdysadyýet we aragatnaşyk ministri
Dewid Klark habar berdi. Muny TASS-a salgylanyp, Day.Az ýetirýär.
“Amazon Täze Zelandiýada bulut sebitiniň döredilmegine ep-esli serişde
maýa goýýan dünýäde ikinji uly tehnologiýa kompaniýasy boldy. Bu milli sanly
pudagyň ösmegine we COVID-19 pandemiýasyndan soň ýurduň ykdysadyýetiniň
mundan beýläk hem dikeldilmegine itergi berer. Amazon-yň umumy maýa
goýumlary 7,5 mlrd Täze Zelandiýa dollaryna ($5,2 mlrd) barabar bolar, bu
halkara işewür topary tarapyndan ýokary derejeli ynamy görkezýär” – diýip, Klark
ýurduň hökümetiniň saýtynda ýerleşdirilen beýanda belleýär.
Şeýle-de, ministr Amazon bulut sebitiniň täze maglumat merkezleriniň
gurluşygynyň ýurduň ýaşaýjylary üçin iş orunlaryny döretjekdigini we onuň sanly
ykdysadyýetiniň mümkinçiliklerini giňeltjekdigini belledi. “Bulut tehnologiýalary
Täze Zelandiýanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmekde we sanly döwlet
hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekde möhüm rol oýnar” – diýip, edara ýolbaşçysy
belledi.
Aýlar HANDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby