2021-nji ýylda dowam edýän COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda
Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy distansion görnüşde geçiriler. Ýeňijiler
baýraklaryny Stokgolmda däl-de, öz ýurtlarynda alarlar. Bu barada Nobel
gaznasynyň metbugat gullugy habar berýär diýip, mockva.ru belleýär.
“Meniň pikirimçe, pandemiýanyň soňlanmagyny hemmeler isleýär, ýöne bu
heniz bolmady. Nobel baýragy – bu global hadysa. Her ýyl dünýäniň dürli
künjeginden laureatlaryň atlary yglan edilýär, ýöne pandemiýa we syýahat
mümkinçilikleri bilen bagly näbellilik 2021-nji ýylda baýraklaryň laureatlara öz
watanlarynda gowşurylmagyna getirdi” – diýip, Nobel gaznasynyň ýerine ýetiriji
müdiri Widar Helgesen belledi.
Baýragyň gowşurylyşy 6 – 12-nji dekabrda geçiriljek Nobel hepdesiniň
çäginde 10-njy dekabra meýilleşdirilýär. Dabaranyň ýerli tomaşaçylar üçin ýüzbe-
ýüz görnüşinde geçiriljekdigi hem bellenilýär.