Beýik Britaniýada soňky bir ýarym aýyň içinde bäş sany energetika
kompaniýasy ýapyldy we ýene dört sanysynyň ýakyn wagtda bankrot bolmagy
ähtimal. Bu barada BBC News habar berýär.
Kompaniýalar gazyň ýokary bahasy sebäpli ýapyldylar: onuň bölek satuw
bahalary ýylyň başyndan bäri 3,5 esse, awgust aýy bilen deňeşdirilende bolsa 70
göterim ýokarlandy.  Netijede, kiçi operatorlar müşderilerini ýeterlik mukdarda gaz
bilen üpjün edip bilmediler.
Analitikler 2021-nji ýylyň başynda ýurtda 70 töweregi energetika
kompaniýasy işleýän bolsa, ýylyň ahyryna çenli olaryň sanynyň 10-a çenli
azalmagynyň mümkindigini aýtdy.
Çökgünlik ýagdaýynyň häkimiýetleri herekete gelmäge mejbur edendigi
bellendi. Beýik Britaniýanyň Energetika ministri Kwasi Kwarteng kompaniýalar
we düzgünleşdirijiler  bilen eýýäm 20 töweregi duşuşyk geçirdi diýip, çeşme
belleýär.