Dizaýner smartfonlarynyň we aksessuarlarynyň halkara brendi bolan Caviar
iPhone 13 Pro we iPhone 13 Pro Max dizaýner smartfonlarynyň ýygyndysyny
hödürledi. Bu smartfonlar doly derejede altyndan ýasalan diýip, pepelac.news
habar berýär.
Resmi beýana görä, iPhone 13 Pro we iPhone 13 Pro Max modelleriniň tutuş
korpusy 18 karat arassa altyndan taýýarlanylyp, çeper nagyşlar we barokko stilinde
owadan bezegler bilen örtülendir. Yzky paneliň merkezindäki dişlenen almanyň
deregine bolsa Caviar logotipi – altyn täç ýerleşdirilipdir.
iPhone 13 Pro Gold Edition modeliniň bahasy 42 200 dollardan başlaýar, 128
gigabaýt fleş ýatly altyndan bolan iPhone 13 Pro Max bolsa alyjylara 43 800
dollara düşýär. 1 terabaýt içerki ýat bilen üpjün edilen gurluşyň iň gymmat
wersiýasy tas 48 000 dollara durýar.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam