Netflix “Çarli we şokolad fabriginiň”, “Uly we mähirli äpet adamyň”,
“Matildanyň” we beýlekileriň awtory bolan britaniýaly ýazyjy Roald Dalyň
eserlerini ekranlaşdyrmaga hukuk satyn almak barada The Roald Dahl Story
kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Degişli bildiriş Netflix-iň resmi saýtynda
ýerleşdirildi diýip, quote.rbc.ru habar berýär.
Şertnamanyň bahasy aýan edilmeýär, ýöne Bloomberg onuň arzan
bolmajakdygyny belleýär. Sebäbi Netflix 2018-nji ýylda Dalyň kitaplary boýunça
birnäçe multserialy surata düşürmek hukugyny satyn almak üçin tas 1 mlrd dollar
töledi. Agentligiň pikiriçe, bu şertnama striming kompaniýasynyň taryhynda iň
ulusy bolup biler.
Netflix Dalyň mirasyna esaslanýan älemi döretmek isleýändigini aýtdy. Onuň
gahrymanlarynyň hatarynda Matilda, şokolad magnaty Willi Wonka we beýlekiler
bolar. Kompaniýanyň meýilnamasynda Dalyň gahrymanlary bilen multfilmleri we
kinokartinalary döretmek, telewizion maksatnamalary taýýarlamak, oýunlary
döretmek, sarp ediji harytlaryny öndürmek bar. Häzirki wagtda “Çarli we şokolad
fabrigi” kitaby boýunça multserialyň surata düşürilişi dowam edýär. Mundan
başga-da, kompaniýa ýazyjynyň “Matilda” romany boýunça mýuzikli surata
düşürmek bilen meşgullanýar.
Roald Dal 1990-njy ýylda 74 ýaşynda aradan çykýar. Ol özüniň birneme gara
degişme bilen ýazylan çagalar üçin kitaplary bilen meşhurdyr. Onuň “Çarli we
şokolad fabrigi” we “Jeýms we äpet şetdaly” ýaly käbir eserleri ekranlaşdyryldy.