Sekiz agram kategoriýasynda boks boýunça öňki dünýä çempiony filippinli
Menni Pakýao karýerasyny tamamlandygyny tassyklady. Bu barada ol “Toni
Talks” gepleşiginde aýtdy diýip, TASS habar berýär.
19-njy sentýabrda Pakýao 2022-nji ýylda geçiriljek Filippinleriň prezident
saýlawlaryna özüniň dalaşgärligini hödürländigini aýtdy. 42 ýaşly boksçy soňky
gezek 22-nji awgustda kubaly Ýordenis Ugasa garşy söweşdi we Bütindünýa boks
assosiasiýasynyň (WBA) wersiýasy boýunça dünýäniň superçempiony tituly
ugrundaky söweşde eminleriň karary bilen ýeňildi.
“Meniň boks karýeram tamamlandy, men şeýle netijä geldim, sebäbi men
boks bilen eýýäm köp wagt bäri meşgullanýaryn we maşgalam hem indi bes
etmelidigini aýdýar. Men Filippinleriň prezidenti wezipesine dalaş etmek teklibini
batyrgaýlyk bilen kabul edýärin. Bize ösüş gerek, garyplygy ýeňmek gerek. Bize
hökümetiň halkymyza dogruçyl we aç-açan hyzmat etmegi gerek. Wagt geldi, men
liderlik ýüküni öz üstüme almaga taýýar” – diýip, Pakýao aýtdy.
Boksçy Filippinleriň Senatynyň agzasy bolup, onuň ygtyýarlyk möhleti 2022-
nji ýylda tamamlanýar. 2016-njy ýyldan bäri Filippinleriň prezidenti Rodrigo
Dutertedir.
Pakýaonyň hasabynda professional ringde 62 ýeňiş (39-sy nokaut bilen), sekiz
ýeňliş we iki deňme-deňlik bar. Ol taryhda sekiz agram kategoriýasynda dünýä
çempiony bolan ýeke-täk boksçydyr. Pakýao karýerasynyň dowamynda köp
wagtlap agram kategoriýasyna garamazdan iň gowy boksçy hasaplandy, ol taryhda
iň gowy boksçylaryň köp sanly reýtinglerine girýär.
Menni Pakýao karýerasyny tamamlaýandygyny tassyklady
