2021-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda “iň gowy drama serialy” we “iň gowy
mini-serial ýa-da antologiýa” kategoriýalarynda ýeňiş gazanan “Täç” we “Perziniň
göçümi” teletaslamalarynyň kömegi bilen Netflix “Emmi-2021-de” gazanan
baýraklarynyň sany boýunça strimingleriň we teleulgamlaryň arasynda lider boldy.
Umumy alanyňda, Netflix 44 ýeňiş gazandy, bu 1974-nji ýyldan, ýagny CBS şeýle
möçberli baýrak alany bäri rekorddyr diýip, “Dedline” neşiri ýazýar.
Muny kinonews.ru ýetirýär.
Bu ýeňiş Netflix-iň geçen dynç günleri “Creative Arts Emmy” baýragynyň
gowşurylyş dabarasynda 34 baýrak gazanandygyny göz öňünde tutsaň,
garaşylmadyk sowgat däldir. Özüniň hasabyna ýene-de 10 heýkeli goşmak bilen,
Netflix abraýly telewizion baýragynyň gürrüňsiz lideri boldy. Onuň bu ýeňşi her
biri 11 heýkel getiren “Täç” we “Perziniň göçümi” seriallary bilen üpjün edildi.
Öz gezeginde Apple TV+ hem “Ted Lasso” üçin “iň gowy komediýa serialy”
we “komediýa serialynda iň gowy aktýor” (Jeýson Sudeýkis) ýaly kategoriýalarda
birnäçe baýraga mynasyp bolan ýene bir sanly platforma boldy. Şeýlelik bilen,
telebaýragyň taryhynda ilkinji gezek iň esasy üç baýraga – iň gowy drama, iň
gowy komediýa we iň gowy mini-serial – strimingler mynasyp boldy.
2020-nji ýylda Netflix 21 baýraga eýe bolup, 30 baýragy bolan HBO-ny öňe
geçirdi.