Prezident Rejep Taýyp Ärdogan ýakynda Mersin şäherinde talyplar bilen
bolan duşuşygynda Türkiýäniň kriptografik walýuta düýbünden garşydygyny
aýtdy. Bu barada block-chain24.com habar berdi.
Ondan öň Türkiýäniň merkezi banky aprel aýynyň ortalarynda kriptografik
walýuta arkaly tölegleri gadagan etdi. Munuň özi ýerli kompaniýalara täze aktiw
bilen baglanyşykly amallary geçirmäge rugsat berilmeýändigini aňladýar. Şeýle
karara gelinmeginiň esasy sebäpleri hökmünde bolsa kriptografik walýutalary
düzgünleşdirmek baradaky näbellilik, şeýle hem olaryň aşa ýokary durnuksyzlygy
görkezilýär.
Ärdogan ýurtda sanly aktiwleriň köpelmegi bilen bagly meseläniň ýokdugyny
aýtdy. Prezident Türkiýäniň öz pullaryny ulanmagyny dowam etdirjekdigini
nygtady.
Bu ýagdaý, has takygy, ýurduň merkezi banky şu ýylyň sentýabr aýynyň
başynda türk lirasynyň sanly görnüşini öwrenmek we synagdan geçirmek üçin täze
platforma döredeninden soň ýüze çykdy. Bu taslama birinji etapda durmuşa
ukyplylygyny kesgitlemek üçin çäkli synaglardan geçer. Synag tapgyrynyň
netijeleri indiki ýyl yglan ediler.
Türkiýäniň Prezidenti kriptografik walýuta garşy söweş yglan etdi
