Pfizer amerikan hyzmatdaşy bilen bilelikde koronawirusa garşy Comirnaty
sanjymyny taýýarlan Germaniýanyň BioNTech kompaniýasynyň baş müdiri Ugur
Şahin we onuň aýaly, lukmançylyk gözlegleri boýunça müdir Ozlem Týureçi
2022-nji ýylda abraýly Paul Erlih we Lýudwig Darmştadter baýragyna mynasyp
bolarlar. Bu barada Paul Erlih gaznasynyň Howandarlyk geňeşiniň beýanynda
aýdylýar diýip, TASS habar berýär.
Bulardan başga-da, 2022-nji ýylda baýragyň laureaty 2013-nji ýyldan bäri
BioNTech-de işleýän wengriýaly biohimik Katalin Kariko bolar. Baýrak “öňüni
alyş we terapewtik maksatlary üçin matrisa RNK-syny (mRNK) taýýarlamakda
gazanylan üstünlikler üçin berler”.
2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Ýewropanyň derman serişdeleri agentligi
(EMA) BioNTech we Pfizer konsorsiumy tarapyndan taýýarlanylan koronawirusa
garşy Comirnaty sanjymy üçin wagtlaýyn hasaba alyş şahadatnamasynyň
berilmegini maslahat berdi. Şol gün derman serişdesi Ýewropa komissiýasy
tarapyndan tassyklandy we bu ÝB-niň çäginde sanjymyň başlanmagyna ýol açdy.
Derman serişdesi özünde oýaryjy barada genetiki maglumatlary saklaýan gen
sanjymlarynyň toparyna degişlidir.
Baýrak gowşurylyş dabarasy 2022-nji ýylyň 14-nji martynda, Nobel
baýragynyň eýesi Paul Erlihiň doglan güni Frankfurt-na-Maýne şäherindäki
Keramatly Pawlyň ybadathanasynda geçiriler.
Paul Erlih we Lýudwig Darmştadter baýragy Paul Erlih gaznasy tarapyndan
1952-nji ýyldan bäri her ýyl lukmançylyk pudagynda täzeçe gözlegler üçin
berilýän baýrakdyr. Bu baýrak Paul Erlihiň işlän lukmançylyk ugurlarynda hem
Germaniýada, hem daşary ýurtlarda gazanan üstünlikleri üçin alymlara
gowşurylýar. Baýragyň baýrak gaznasy 120 müň ýewro barabar.