Hytaý ýylyň ahyryna çenli beýleki ýurtlary 2 milliard doza COVID-19
sanjymy bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär. Muny Hytaý Halk Respublikasynyň
Prezidenti Si Szinpin BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden
çykyşynda aýtdy. Bu barada rbc.ru habar berdi.
"Hytaý şu ýylyň ahyryna çenli jemi 2 milliard dozada COVID-19 sanjymyny
dünýä ýetirmek üçin ähli tagallalary eder" diýip, Hytaýyň lideri aýtdy.
Mundan başga-da, Si Szinpin ösýän ýurtlara COVAX maksatnamasy arkaly
goşmaça 100 million doza COVID-19 sanjymyny bermegi wada berdi.
“Sanjymlar COVID-19-a garşy güýçli ýarag bolup durýar. Men sanjymlary
dünýä jemgyýetçiliginiň bähbidine öwürmegiň we ösýän ýurtlar üçin elýeterliligini
we bahasynyň elýeterliligini üpjün etmegiň zerurdygyny birnäçe gezek
tekrarladym"-diýip, Si Szinpin belledi.