Ýewropa Bileleşigi ÝB-niň çäginde ulanylýan ähli smartfonlar, planşetler,
gulaklyklar we beýleki elektron gurluşlar üçin zarýad beriji gurluşyň ýeke-täk
tassyklanylan görnüşini hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada çeşmelere
salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär. Muny pepelac.news ýetirýär.
Belläp geçsek, Ýewropa komissiýasynda zarýad beriji gurluşyň ýeke-täk
tassyklanylan görnüşiniň zerurlygy barada soňky on ýylyň dowamynda aýdylyp
gelinýär. Bu başlangyjyň tarapdarlarynyň pikiriçe, şeýle çemeleşme diňe bir gajeti
ulanyjylar üçin oňaýly bolman, eýsem ekologiýa-da oňyn täsir eder.
Ýöne Apple amerikan korporasiýasynyň wekilleri uniwersal zarýad beriji
gurluşlaryň ornaşdyrylmagynyň “elektron galyndylarynyň üýşmegine”
getirjekdigini hem-de täze tehnologiýalaryň ösüş prosesini togtatjakdygyny
aýdýarlar.
Şeýle-de bolsa, hünärmenleriň pikiriçe, eger kanun taslamasy kabul edilse,
özüniň gurluşlarynda firma birikdirijisini we Lightning kabelini ulanýan Apple uly
zyýan çeker. Ýewropa komissiýasynyň 2018-nji ýyl üçin maglumatlaryna görä,
zarýad beriji gurluşyň bu görnüşi Ýewropada ýaýraýşy boýunça üçünji orunda
durýar – ony gurluşlaryň diňe 21 göterimi ulanýar.